Türkmen Türkçesinde Ünlüler ve Ünsüzler

Türk dilinde harp-da, ses-de, fonema-da birdir. Emma Türkmen dilinde biraz tapawutlydyr. Türkmen elipbiýinde 9 çekimli harp, türkmen sözleýşinde bolsa 16 sany çekimli fonema bardyr. Üns beriň: çekimli harp başga, çekimli fonema başgadyr. Bu ikisini biri-birine garyşdyrmaň:

 

Türkiye Türkçesinde harf de, ses de, fonem de bir. Ama Türkmen Türkçesinde durum biraz farklıdır. Türkmencede 9 ünlü harf, söyleyişte ise 16 tane ünlü fonem bulunmaktadır. Dikkat ediniz: ünlü harf başka, ünlü fonem başkadır. Bu durumu birbiriyle karıştırmayınız.

 

Ynha, çekimli harplar: a, e, ä, i, o, ö, u, ü, y. Ynha-da, çekimli fonemalar: [a], {aa}, e, ä, [i], {iý} [o], {oo}, [ö], {öö},[u], {uw}, [ü], {üý}, [y], {yý}. Diýmek, bir gysga ses, birem uzyn ses. Başgaça aýtsak, bir harp iki fonemany (sesi) aňlatmak üçin ulanylýar.

 

İşte, ünlü harfler: a, e, ä, i, o, ö, u, ü, y. Bunlar da ünlü fonemler: [a], {aa}, e, ä, [i], {iý} [o], {oo}, [ö], {öö},[u], {uw}, [ü], {üý}, [y], {yý}. Demek, bir kısa ses, bir de uzun ses. Bir başka deyişle bir harf iki fonemi (ayrı ayrı sesi) anlatmak için kullanılmaktadır.  

 

Üns beriň: giň çekimlileriň uzynlygynda “aa, ää, oo, öö” şekilinde ikileşme bellidir. Emma dar çekimlilerde bolsa ýagdaý biraz tapawutlydyr: i = iý; y =yý; u = uw; ü = üý.

 Üstesine-de, “ý” we “w”-den soňra ysgynsyz çekimliler [çok zor duyulabilen “y”, “i” ve “u”, “ü” ]duýulýar. Meselem:

 

Dikkat ediniz: geniş ünlüler uzunluğunda “aa, ää, oo, öö” biçimindeki ikileşme bellidir. Ama dar ünlülerde ise durum biraz farklıdır: i = iý; y = yý; u = uw; ü = üý. Üstelik “ý” ve “w”’den sonra telaffuzda gevşek ve zayıf duyulabilen “ y ”, “ i ”, “ u ”, “ ü sesler işitilmektedir.

 

- y = yý

ýazylyşy →gyz, aýdylyşy→ gyýyz, manysy→ kız

ýazylyşy →dyz, aýdylyşy→ dyýyz, manysy→ diz

ýazylyşy →kyn, aýdylyşy→ kyýyn, manysy→ zor

ýazylyşy →gyn, aýdylyşy→ gyýyn, manysy→ kın

ýazylyşy →syn, aýdylyşy→ syýyn, manysy→ yazılı rapor

ýazylyşy →dynmak, aýdylyşy→ dyýynmak, manysy→ dinlenmek, mola vermek

ýazylyşy →yz, aýdylyşy→ yz, manysy→ iz

ýazylyşy →ys, aýdylyşy→ ys, manysy→ koku

ýazylyşy →gysga, aýdylyşy→ gyýysga, manysy→ kısa

ýazylyşy →çyg, aýdylyşy→ çyýyg, manysy→ nem

ýazylyşy →tyg, aýdylyşy→ tyýyg, manysy→ tığ

ýazylyşy →gyr, aýdylyşy→ gyýyr, manysy→ kır [renk]

ýazylyşy →syrmak, aýdylyşy→ syýyrmak, manysy→ 1.süpürmek;2.tıraş almak;3.boşu boşuna dolaşmak

ýazylyşy →gygyrmak, aýdylyşy→ gyýygyrmak, manysy→ bağırmak; gürültü yapmak

ýazylyşy →çygyrmak, aýdylyşy→ çyýygyrmak, manysy→ ince sesle bağırmak

ýazylyşy →sygyrmak, aýdylyşy→ syýygyrmak, manysy→ ıslık çalmak

-i = iý

ýazylyşy →biz, aýdylyşy→ biýiz, manysy→ biz [kunduracı bizi]

ýazylyşy →bil, aýdylyşy→ biýil, manysy→ bel

ýazylyşy →pil, aýdylyşy→ piýil, manysy→ bel [kürek, kazma aleti]

ýazylyşy →sil, aýdylyşy→ siýil, manysy→ sel

ýazylyşy →ik, aýdylyşy→ ik, manysy→ iğ [kirmen]

ýazylyşy →ig, aýdylyşy→ ig, manysy→ 1.hastalık; 2.saf, karışımı olmayan

ýazylyşy →çig, aýdylyşy→ çiýig, manysy→ çiğ, pişmemiş

ýazylyşy →ir, aýdylyşy→ ir, manysy→ erken

ýazylyşy →pir, aýdylyşy→ piýir, manysy→ pir, eren

ýazylyşy →şir, aýdylyşy→ şiýir, manysy→ aslan

ýazylyşy →tir, aýdylyşy→ tiýir, manysy→ ok, kurşun

ýazylyşy →gir, aýdylyşy→ giýir, manysy→ gir[mek]

ýazylyşy →giç, aýdylyşy→ giýiç, manysy→ geç

ýazylyşy →giň, aýdylyşy→ giýiň, manysy→ geniş

ýazylyşy →tiz, aýdylyşy→ tiýiz, manysy→ tez, çabuk

ýazylyşy →iş, aýdylyşy→ iş, manysy→ iş

ýazylyşy →çiş, aýdylyşy→ çiýiş, manysy→ şiş

ýazylyşy →diş, aýdylyşy→ diýiş, manysy→ diş

 

-u = uw

ýazylyşy →buz, aýdylyşy→ buwuz, manysy→ buz

ýazylyşy →duz, aýdylyşy→ duwuz, manysy→ tuz

ýazylyşy →uz, aýdylyşy→ uwuz, manysy→ uz [Aaz volsun uwuz volsun]

ýazylyşy →tuz, aýdylyşy→ tuwuz, manysy→ birli, as

ýazylyşy →bug, aýdylyşy→ buwug, manysy→ buhar

ýazylyşy →tug, aýdylyşy→ tuwug, manysy→ bayrak

ýazylyşy →uk, aýdylyşy→ uwuk, manysy→ Türkmen çadırındaki ağaçtan çubuk

ýazylyşy →dul, aýdylyşy→ duwul, manysy→ başköşe

ýazylyşy →un, aýdylyşy→ uwun, manysy→ un

ýazylyşy →uç, aýdylyşy→ uwuç, manysy→ uç

ýazylyşy →duşmak, aýdylyşy→ duwuşmok, manysy→ karşılaşmak

ýazylyşy →ýurt, aýdylyşy→ ýuwurt, manysy→ yurt

ýazylyşy →gurt, aýdylyşy→ guwurt, manysy→ kurt

ýazylyşy →gury, aýdylyşy→ guwuru, manysy→ kuru

ýazylyşy →uky, aýdylyşy→ uwuku, manysy→ uyku

 

-ü = üý

 

BELLIK: Uzynlygyň bu görnüşi [ -ü = üý] Türkmen diliniň dürs ýazuwyna-da ymykly ornaşandyr. Käbir mysallar:

 

NOT: Uzunluğun bu türü [ -ü = üý] Türkmencenin imlasında da kesin olarak oturmuştur. Bazı örnekler: 

ýazylyşy →çüýrük, aýdylyşy→ çüýürük, manysy→ çürük

ýazylyşy →güýç, aýdylyşy→ güýüç, manysy→ güç

ýazylyşy →güýz, aýdylyşy→ güýüz, manysy→ güz, sonbahar

ýazylyşy →düýn, aýdylyşy→ düýün, manysy→ dün

ýazylyşy →süýt, aýdylyşy→ süýüt, manysy→ süt

ýazylyşy →düýş, aýdylyşy→ düýüş, manysy→ düş, rüya

ýazylyşy →üýrmek, aýdylyşy→ üýürmök, manysy→ ürmek, havlamak [köpek için]

ýazylyşy →üýn, aýdylyşy→ üýün, manysy→ ün, ses

ýazylyşy →düýp, aýdylyşy→ düýüp, manysy→ dip [deniz dibi]

ýazylyşy →süýri, aýdylyşy→ süýü, manysy→ uzun, yassı veya yuvarlak değil

ýazylyşy →tüýkürmek, aýdylyşy→ tüýükürmök, manysy→ tükürmek

 

18.Diýmek, “a” harpy iki sany çekimli sesi aňlatmaga güýji ýetýändir: biri gysga [a], beýlekisi uzyn {aa}. Beýleki çekimli harplar hem şunuň ýalydyr.

 

Demek, “a” harfi, iki tane ünlü sesi anlatma gücüne sahiptir: biri kısa [a], diğeri de uzun {aa}. Öbür ünlü harfler de bunun gibi özelliğe sahiptir.

 

Geliň, muňa mysallaryň üsti bilen göz ýetireliň:

 

[a] – gysga aýdylýan “a” sesi, ýazylyşam, aýdylyşam birdirak [akmak işligi] Suw akdy. [Su aktı], Suw akar, daş galar [Su akar, taş kalır]

 

{aa} – uzyn aýdylýan “aa” sesi, ýazylyşy başga, aýdylyşy başga ak {aak sypat, reňk aňladýar} Köýnegiň reňki aakdy. [Gömleğin renki beyazdı]

 

e – gysga aýdylýan “e” sesi, ýazylyşam, aýdylyşam birdir, uzyn aýdylýan sesine kökde duş gelinmeýäret, el, em…[et, el, em (sormak)]

 

ä – uzyn aýdylýan “ä” sesi, gysga aýdylýan sesine gaty az mysallarda duş gelýäris. Köplenç, uzyn aýdylýar {ädik, käşir, äýnek, käse, kädi, älem, bäş, mätäç…}

 

[i] – gysga aýdylýan “i” sesi, ýazylyşam, aýdylyşam birdir [biz, kim, iki]

 

{iý} – uzyn aýdylýan “iý” sesi, ýazylyşy başga, aýdylyşy başga ýazylyşy: [biz], aýdylyşy {biýiz}, ýazylyşy: [iri], aýdylyşy {iri}, ýazylyşy: [ik], aýdylyşy {ik}, ýazylyşy: [gir], aýdylyşy {giýir}, ýazylyşy: [ir], aýdylyşy {ir},ýazylyşy: [iş], aýdylyşy {iş}, ýazylyşy: [diş], aýdylyşy {diýiş}…

 

[o] – gysga aýdylýan “o” sesi, ýazylyşam, aýdylyşam birdir [ok, or, bol, gol, solmak, ýolmak, ýokmak, tokmak…]

 

{oo} – uzyn aýdylýan “oo” sesi, ýazylyşy başga, aýdylyşy başga →  ýazylyşy [on, don, ýol, ýok, sol, doly], aýdylyşy {oon, doon, ýool, ýook, sool, dooly…}

 

[ö] – gysga aýdylýan “ö” sesi, ýazylyşam, aýdylyşam birdir [ölmek, ösmek, görmek, çöl, çöp, köp…]

 

{öö} – uzyn aýdylýan “öö” sesi, ýazylyşy başga, aýdylyşy başga ýazylyşy [bölmek, dörmek, ördek, köl, kör, köz] aýdylyşy {böölmök, döörmök, öördök, kööl, köör, kööz…}

 

[u] – gysga aýdylýan “u” sesi, ýazylyşam, aýdylyşam birdir [durmak, turmak, gurmak, gul, dul, ogul, uly….]

 

{uw} – uzyn aýdylýan “uw” sesi, ýazylyşy başga, aýdylyşy başga ýazylyşy: [gury], aýdylyşy {guwuru}, ýazylyşy: [uky], aýdylyşy {uwuku}, ýazylyşy: [uk], aýdylyşy {uwuk}, ýazylyşy: [duşmak], aýdylyşy {duwuşmok}, ýazylyşy: [duz], aýdylyşy {duwuz}…

 

[ü] – gysga aýdylýan “ü” sesi ýazylyşam, aýdylyşam birdir [üzüm, üç, gül, kül…]

 

{üý} – uzyn aýdylýan “üý” sesi ýazuwa-da “üý” şekilinde ornaşypdyr. Türkçe “süt”; Türkmençe “süýt”, Türkçe “güz”; Türkmençe “güýz”, Türkçe “dün”; Türkmençe “düýn”…

[y] – gysga aýdylýan “y” sesiýazylyşam, aýdylyşam birdir[ylga, ýylgyn, ýylky, ýyl, ýygmak, ýygnak, ylym, gyzmak, gyrmak…]

 

{yý} – uzyn aýdylýan “yý” sesi ýazylyşy başga, aýdylyşy başga ýazylyşy [gyz], aýdylyşy {gyýyz}, ýazylyşy [dyz], aýdylyşy {dyýyz}, ýazylyşy [gyr], aýdylyşy {gyýyr}, ýazylyşy [ys], aýdylyşy {ys}, ýazylyşy [kyn], aýdylyşy {kyýyn}.

 

Türkmen dilindäki kök uzynlyga degişli käbir mysallar bilen tanyşdyňyz. Siz bu mysallar bilen ýetinmeli dälsiňiz. “Türkmen diliniň sözlügini” (1962) we “Türkmen diliniň orfoepik sözlügini” (1969) yzygiderli derňemegi unutmaň. Şol sözlüklerde “[ ]” belligiň içinde berlen uzynlyklary yzarlamgy öwreniň we dowam ediň.

 

Türkmen dilindeki kök uzunluğa ait bazı örneklerle tanıştınız. SİZ sadece bu örneklerle yetinmemelisiniz. “Türkmen diliniň sözlügini” (1962) ve “Türkmen diliniň orfoepik sözlügini” (1969) devamlı incelemeyi unutmayınız. Yukarıda adı geçen sözlüklerde “[ ]” köşeli parantez içinde gösterilen uzunlukları takip etmeyi öğreniniz ve takibi devam ediniz.

 

Türk elipbiýine görä tapawutlary täzeden ýene bir gezek gözden geçireliň.

 

Türk alfabesine göre farklılıkları yeniden bir daha gözden geçirelim.

 

Aa, Bb, Çç, Dd, Ee, Ää, Ff, Gg, Hh, Ii, Jj, Žž, Kk, Ll, Mm, Nn, Ňň, Oo, Öö, Pp, Rr, Ss, Şş, Tt, Uu, Üü, Ww, Yy, Ýý, Zz.

 

Meňzeş harplary aýralyň. Şonda şu aşakdakylar galar:

 

Benzer harfleri çıkaralım. Sonunda geriye şu aşağıdakiler kalır:   

 

Bb, Ää, Ii, Jj, Žž, Ňň, Ss, Ww, Yy, Ýý, Zz

 

Last modified: Thursday, 16 November 2017, 1:56 PM